Gyzgylt gotan

19 Iýul 2023
1764

Gyzgylt gotan Türkmenistanyň çäginde Sarygamyş, Gyzylburun, Soltandag köllerinde, Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň garamagyndaky Ýerajy tebigy çäkli goraghanasyna degişli bolan köllerde, Hanhowuz, Saryýazy suw howdanlarynda, Hazar deňziniň kenarlarynda duş gelýär.

Gyzgylt gotanyň bedeniniň uzynlygy 185, ganatlarynyň gerimi 380 santimetre çenli bolup, agramy 5,5 — 15 kilogram töweregidir. Guýrugy gönüräk bolup, 24 sany aýlawly ýelekden ybarat. Guýrugynyň uzynlygy, takmynan, 23 santimetre golaýdyr. Çüňki uzyn hem ýogyn bolup, uzynlygy 35 — 46 santimetre ýetýär. Gotanyň boýny uzyn, aýaklary bolsa gysgadyr. Uly boýunhaltasy süýnmek şekillidir.

Aziza FURKATŽANOWA,
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar