"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Döwrebap işewürlik desgalary açyldy

Giň dabaralara beslenen Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda işewürlik maksatly binalaryň birbada 8-si açylyp ulanmaga berildi. Toý ruhuny has-da belende göteren bu waka mynasybetli geçirilen dabara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, il sylagly ýaşulular, eneler, başga-da köp sanly adamlar gatnaşdylar. Täze binalaryň gurluşygy ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirildi. Döwrebap desgalar paýtagtymyzyň bu künjegine aýratyn görk berip, olar ýurdumyzyň hususy düzümlerine özleriniň işewürlik maksatly işlerini alyp barmaga amatly mümkinçilikleri döredýär. Paýtagtymyzyň kaşaň “Garagum” myhmanhanasyna golaý çäkde ýerleşýän desgalaryň birmeňzeş nusgadaky taslamalary bitewi binagärlik sazlaşygyny emele getirýär.

Häzirki zaman şäher düzüminiň ösen derejesi

nobatdaky gözden geçirilişde aýdyň beýanyny tapdy Geçen hepdäniň anna we şenbe günlerinde indi 23-nji gezek geçirilen «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi gurluşyk, elektroenergetika, gaýtadan işleýän, ýeňil senagat, dizaýn, innowasion tehnologiýalar, şäher düzümini döwrebaplaşdyrmaga degişli ugurlar boýunça ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, pudak edaralarynyň, kärhanalarynyň, işewür toparlarynyň 160-dan gowragynyň wekillerini bir ýere jemledi. Paýtagtymyzyň şähergurluşygy babatda gazananlaryny we Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, bu ugurda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny aýdyň görkezýän gözden geçirilişiň dowamynda oňa gatnaşyjylar dürli ugurlarda ýeten sepgitleri, täze önümdir hyzmatlary bilen-de tanyşdyrdylar.

Awtoulag sürüjilerine sowgat

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň paýtagtymyzyň Köpetdag etrabynyň Ankara köçesiniň ugrunda ýerleşýän awtoulaglara ýangyç guýujy 142-nji bekediniň durky düýpli täzelenen desgasy Aşgabat şäheriniň gününde ýerli awtoulag sürüjilerine we myhmanlara ajaýyp toý sowgady boldy. «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň garamagyndaky hojalyk hasaplaşygyndaky Abatlaýyş we gurluşyk müdirliginiň işçi-hünärmenleri tarapyndan durky täzelenen desganyň açylyş dabarasyna Aşgabat şäher häkimliginiň, müdirligiň wekilleri, il sylagly ýaşululardyr ýaşaýjylar gatnaşdylar. Durky täzelenen desgada işgärleriň zähmet çekmegi, sürüjileriň bu ýerde hödürlenilýän hyzmatlardan netijeli peýdalanmaklary üçin ähli şertler döredilipdir. Bu ýerde awtoulaglaryň bir wagtda 10-syny ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli nebit önümleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik bar. Beket bir gije-gündizde dürli kysymly awtoulaglaryň 1500-den gowragyny kabul edip bilýär. Sürüjiler bu ýerde hödürlenen hyzmat üçin tölegleri nagt we elektron görnüşde töläp bilerler.

Be­ýik Py­ra­gy­nyň ady bi­len

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Yn­sa­ny dur­mu­şa bag­la­ýan hik­met­le­riň göz­ba­şyn­da ynam bar. Yn­san ynan­jy­na gö­rä he­re­ket ed­ýär. Kal­by­myz be­ýik­li­ge uýup, oňa tag­zym et­me­gi özü­niň bor­jy saý­ýan bol­ma­ga çe­me­li. Şol be­ýik­li­giň ady bi­len baş­la­nan iş­le­riň oňu­na bol­ja­gy­na bo­lan ynan­jam ça­ga­lyk­dan kal­by­my­za guý­lup­dyr. Şy­gry­ýe­tiň pi­ri be­ýik Py­ra­gy­nyň öňün­de baş egip, «pa­ta alyp» ge­le­lim bä­ri, haý­sy işe ug­ruk­sam il­ki bi­len «Ýa pi­rim, Mag­tym­gu­ly, özüň gol­da­we­ri» diý­me­gi en­dik edi­nip­di­rin. Bu gur­sa­gym­da özü­me bo­lan yna­my ber­kid­ýän, be­ýik güý­jüň göz­ba­şy bo­lup, iş­le­rim­de şow­lu­lyk ge­tir­ýän gud­rat­ly sö­zi ha­ly­pa­la­ryň bi­ri öw­re­dip­di.

Baýramçylyk konserti geçirildi

«Soňky jaň» dabarasy hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň güni mynasybetli sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde «Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdançada baýramçylyk konserti geçirildi. Bu baýramçylyk konsertiniň başynda «akylly» şäheriň umumybilim berýän orta mekdeplerinde tapawutlanan uçurymlara hem-de ýaşlara döwrebap derejede bilim berip, öz işlerinde ussatlyk görkezen mugallymlara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly dabaralara beslenip bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, paýtagtymyzy we eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerini ösdürmekde alyp barýan döwletli işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Göz-guwanjym – paýtagtym

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel paýtagtymyz Aşgabat Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolup, ähli ugurlarda ösýän şäherleriň birine öwrüldi. Türkmen paýtagtynyň milli aýratynlyklarymyz bilen utgaşýan ak mermerli binalaryň has köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda orun almagy bolsa has-da buýsandyryjydyr. Bu gün hut hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel paýtagtymyz Aşgabat sagdynlygyň, sportuň, dost-doganlygyň şäheri hökmünde dünýäde meşhurdyr. Aşgabat halkara derejesindäki maslahatlaryň, festiwallaryň, sebit we dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ak mermerden paýtagtymyzyň daşary ýurtly myhmanlarda has ýakymly täsirleri galdyrýandygy, ony bir göreniň ýene-de görmek arzuwynda gezýändigi, elbetde, biziň üçin guwandyryjy ýagdaýdyr. Olimpiýa şäherçesini bolsa görmäge göz, taryplamaga söz gerek.

Bagtyýarlygyň mekany

Paýtagtymyz Aşgabat Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolup, ähli ugurlarda ösýän şäherleriň birine öwrüldi. Türkmen paýtagtynyň milli aýratynlyklarymyz bilen utgaşýan ak mermerli binalaryň has köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda orun almagy bolsa has-da buýsandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyz «Ak şäherim Aşgabat» atly ajaýyp kitabynda: «Aşgabady özgerdip, biz onuň diňe bir gözelligiň şäheri däl, eýsem, iň bagtly adamlaryň şäheri, bagtyýar adamlaryň berkarar ýurdunyň paýtagty bolmagy hakynda alada edýäris» diýip ýazýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şu ajaýyp günlerinde gözel Aşgabadyň nurana keşbine we onda ýaşamak, okamak, işlemek, döretmek, gurmak babatda üpjün edilen şert-mümkinçiliklere ser salanyňda, Milli Liderimiziň badalga beren beýik işleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünliklere beslenip, dowamat-dowam bolmagynyň netijesinde paýtagtymyzyň hakykatdan hem, bagtly adamlaryň şäherine, bagtyýar adamlaryň berkarar ýurdunyň paýtagtyna öwülendigine buýsanç bilen göz ýetirýärsiň.

Paýhas ummany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. 17-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz kitabyň ilkinji sanyny Gahryman Arkadagymyza ibermegi makul bilendigini aýdyp, bu eseriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny belledi.

Täze eýýamyň taryhy wakasy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilen ýyly hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazyljak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şahyryň edebi mirasyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, abraý-mertebesini öňküdenem belende götermekde jahana nusgalyk ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyna geçen hepdede bütin Ýer ýüzi ýene bir ýola göz ýetirdi.

Ynsan kalbynyň lukmany

Magtymguly Pyragy – pähim-paýhasyň ummany, parasatlylygyň nusgasy. Gündogaryň beýik akyldarynyň we şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilen ýyly hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazyljak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen söz ussadynyň dünýädäki şan-şöhraty has-da belende göterilýär, edebi mirasyny ylmy esasda öwrenip, dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde nusgalyk işler alnyp barylýar. Ýer ýüzüniň çar künjeginde dana şahyrymyzyň hormatyna geçirilýän dürli çäreler bolsa türkmeniň milli buýsanjyna öwrülen beýik ynsanyň abraý-mertebesiniň barha belende göterilýändigini görkezýär. Magtymguly atamyzyň döredijiligi durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alýanlygy bilen kalplarda baky orna eýe boldy. Beýik akyldaryň biri-birinden ajaýyp şygyrlarynda saglyga, lukmançylyga, ynsan derdine em etmek ýaly sogaply käriň eýeleri bolan lukmanlara hem giň orun berlipdir.

Sportuň ösüşli menzilleri

Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan sport syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda mynasyp dowam etdirilip, ulgamyň okgunly ösüşlerini, täze sepgitlerini şertlendirýär. Watanymyzda yzygiderli geçirilýän halkara ýaryşlardyr dünýä hem-de yklym çempionatlary Diýarymyzyň sport ýurdy hökmünde uly abraýdan peýdalanýandygynyň beýanyna öwrülýär. Iň uly ýaryşlary geçirmegiň Türkmenistana ynanylmagy ýurdumyzyň sportdaky mümkinçiliklerine goýulýan belent hormatdan nyşandyr. Çünki ülkämiziň kämil sport düzümi diňe ulgamyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, Watanymyzyň halkara arenasyndaky mynasyp ornuny has-da pugtalandyrmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Hakykatdan hem, bu gün sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesini görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Elbetde, gözbaşyny türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlaryndan alyp, Watanymyzyň iň ajaýyp sport baýramçylyklaryny kabul etmegine mümkinçilik döredýän sport desgalarydyr toplumlaryň birnäçesini özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesi ýurdumyzyň myhmanlarynyň, halkara sport jemgyýetçiliginiň, federasiýalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Bu bolsa Diýarymyzyň sportdaky mümkinçilikleriniň halkara ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň nyşanydyr.

Taryhy ýerlere gezelenç

    Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli meýilnamasy esasynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary 2024-nji ýylyň mart, aprel, maý aýlarynyň degişli senelerinde Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerdir muzeýlere syýahat etdiler. Änew şäherindäki «Ak bugdaý» muzeýinde bolanymyzda ajaýyp duýgulary başdan geçirdik. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýakynda «Änew – müňýyllyklarda gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny giň okyjylar köpçüligine sowgat etdi. Kitap üç bölümden ybarat bolup, onuň 1-nji babynda hormatly Prezidentimiz Rafael Pampelliniň adyny hem hormat bilen tutýar.

Welaýatlardan habarlar

Ýa­kyn­da Bal­kan we­la­ýat ki­tap­ha­na­syn­da TKA-nyň we­la­ýat bir­leş­me­si­niň hem-de ylym we bi­lim iş­gär­le­ri­niň Kär­deş­ler ara­ka­ly­şyk­la­ry­nyň Bal­ka­na­bat şä­her ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da «Türk­me­niň ru­hy çy­ra­gy» at­ly wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Mas­la­hat­da edi­len çy­kyş­lar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li 2024-nji ýy­lyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy akyl­dar şa­hy­ra go­ýul­ýan be­lent sar­pa­nyň aý­dyň ny­şa­ny­dyr.

Täzelikler

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda ýangyn howpsuzlygy boýunça okuw maslahaty geçirildi. Oňa welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň wekilleri, jemgyýetiň işjeň agzalary gatnaşdylar. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar goraghanada tokaýlyklary we olarda mesgen tutan haýwanlary goramak boýunça alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu ýerde gorag işleri bilen birlikde ylmy işler utgaşykly alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde tebigy baýlyklarymyzy ýangyndan goramak meselesi hem gündelik üns merkezinde saklanylýar. Maslahatda şeýle işleriň howanyň gyzmagy bilen has möhüm ähmiýete eýe bolýandygy we degişli düzgünleri berk berjaý etmegiň esasy talap bolup durýandygy bellenildi. Degişli hünärmenler çykyşlarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmekde tehniki serişdelerden netijeli peýdalanmak barada hem giňden durup geçdiler.

Aşgabatda beýik taryh ýazylýar

Aşgabadyň gün-günden ösýändigi hiç kim üçin täzelik däl. Paýtagtymyzdaky durmuş-medeni maksatly binalar toplumlary täsin inženerçilik-tehniki çözgütleri bilen haýran galdyryp, şäheriň döwrebap binagärlik keşbini emele getirýär. Olarda döredilýän şertler halkara ülňülere, bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelýär. Şonuň üçin-de Aşgabat halkara derejeli syýasy we işewürlik merkezi, ýaşamak üçin amatly şäher hasaplanýar. Öňler agyz dolduryp waspyny ýetiren desgalarymyza häzir şäherliler adaty zat hökmünde garaýarlar. Sebäbi döwrebap gurluşyk-binagärlik taslamalary dowamly durmuşa geçirilip gelinýär. Biri-birinden kaşaň binalardyr desgalar, giň gerimli gurluşyklar bu gün paýtagtyň durmuş kadasyna öwrüldi. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Bagtyýarlyk etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr agyz suwuny arassalamaga ukyply desganyň açylyp ulanmaga berilmegi, «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda 136 sany iki gatly ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk hem munuň şeýledigini görkezýär.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Semente isleg uly

Çitimlere siňdirilen keşp

Türkmen halysy asyrlardan aşyp, heňňamlardan geçip, şu günlerimize gelip ýeten deňsiz-taýsyz gözellikdir. Ol diňe bir senetçilik önümi bolman, eýsem, sungat derejesine ýetirilip, ajaýyp esere öwrülipdir. Nepis halylarymyz türkmen halkynyň taryhyndan, däp-dessurlaryndan dünýägaraýşyndan habar berýär. Ondan gelin-gyzlaryň ýürek mährini, zenan kalbynyň owazyny eşitmek, duýmak bolýar. Haly türkmeniň soňlanmajak aýdymlar çemenidir. Hut şonuň üçin-de bu gün türkmen zenanlary iň gowy zatlary, gözellikleri öz dokaýan halylaryna çitýärler. «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bolsa hala çitilýän nagyşlaryň, adam keşpleriniň has-da gözel, gelşikli bolmagy üçin tagalla edýär. Birleşigiň hünärmenleri şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dana şahyryň keşbini hala çitip, onuň her bir türkmeniň öýüni bezemegi üçin zerur bolan işleri amala aşyrmaga girişdiler. Olar akyldar şahyryň keşbi şekillendirilen eserleriň ençemesini gözden geçirdiler. Hatda onuň käbir heýkeline-de nazar aýladylar. Iň soňunda Magtymguly Pyragynyň: Pikir derýasyna aklym gämisin,Batyrmyşam, geçe bilmen, neýläýin?! —

Nepis önümleriň sany artýar

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň eli çeper halyçylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen dört aýynda 1 müň 200 inedördül metre golaý haly dokap, meýilnamada göz öňünde tutulan tabşyryklaryny üstünlikli berjaý etdiler. Haly we haly önümleriniň möçber ölçegi pul hasabynda aňladylanda, bir million manatlykdan gowrak iş edilendigini görkezýär. Bu görkezijileriň geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli ýokarydygyny bellemek gerek. Ähli ugurlar boýunça uly ösüşlere beslenýän şanly ýylymyzyň degişli döwründe şeýle üstünligiň gazanylmagyna Akdepe, Boldumsaz, Köneürgenç etraplaryndaky, Gubadag hem Andalyp şäherlerindäki önümhanalar uly goşant goşdular. Häzirki wagtda ýerlerdäki önümhanalaryň aglabasynda edara-kärhanalaryň, guramalaryň buýurmalary esasynda we baýramçylyklar mynasybetli 60, 65, 70 inedördül metr ölçegli halylar dokalýar. Ajaýyp göllerinde türkmen tebigatynyň ähli gözelliklerini şöhlelendirýän, owadan nagyşlary, gül görki bilen tapawutlanýan halylar ýurt derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde ýokary baha mynasyp bolýar. Olaryň birnäçesi haly we haly önümleriniň yzygiderli geçirilýän sergilerini bezeýär.

Beýik döwre beýik işler ýaraşýar

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde bellenilmegi göwünlerimizi galkyndyryp, beýik şahyrymyza bolan buýsanjymyzy has hem artdyrýar. Bu gündogar edebiýatynda, filosofiýasynda uly yz goýan Magtymguly atamyzyň sönmez-ýitmez döredijiligine goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta künjeginde beýik akyldar şahyrymyzyň ýadygärliginiň we Köpetdagyň dag eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy ýurdumyzyň medeni durmuşyndaky şatlykly wakalaryň biri boldy. Ýurdumyzda goşa toýuň bellenilýän günleriniň şeýle şatlykly wakalar bilen utgaşmagy şahyryň ruhy-edebi mirasyny tutuş dünýäde şöhratlandyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň üstüni ýetirdi. Halkara metbugatynda bellenilişi ýaly, akyldar şahyrymyzyň ajaýyp heýkeli, onuň gurluş aýratynlygy dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni ýene-de güneşli ülkämize gönükdirdi. Hut şonuň üçin hem goňşy döwletleriň wekilleriniň hem köpsanlysy bu şatlykly wakanyň şaýady bolmak üçin ýurdumyzda myhman boldular. Dogrudan hem, dürli öwüşginli yşyklar, çyralar bilen bezelen ýadygärlik baş şäherimizde ýene-de bir ajaýyp binagärlik düzümiň dörändigini äleme buşlaýar. Bu ýerde dürdäne eserleri bilen dünýä edebiýatynda yz goýan beýik şahsyýetleriň hem heýkelleriniň oturdylmagy ýurdumyzda dost-doganlyk, parah