Döwletiň goşa sütüni
«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Bu gün gözümiziň görejine deňelýän ýaşyl Tugumyz kalby tämiz halkymyzyň hem görkana Watanymyzyň nurana keşbi bolup, dünýäniň depesinde erkana pasyrdap dur. Baýdakda tutuş halkyň ruhy dünýäsi, mertebesi, päk geljege bolan beýik ynamy hem kalbynyň gözelligi jemlenendir. Häzirki wagtda türkmen topragyna bahar güllerini saçyp, läle-reýhan ýazlara kybap gözelligi bilen dik depämizde pasyrdap duran ýaşyl Tugumyz ýüregimize nur, kalbymyza ýagtylyk çaýýar. Aslynda-da, al asmanda owsun atýan baýdagymyzyň ýaşyl reňki ýazyň jemalyndan, görkanalygyndan gözbaş alandyr.