Ykdysady kuwwatlylygyň güwäsi

2 Oktýabr 2024
431

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň hem-de giň möçberli özgertmeleriniň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew batly ösüşler bilen barha öňe barýar. Içeri we daşary syýasatda, ykdysadyýetiň ähli pudagynda we durmuş ulgamynda belent sepgitlere ýetilýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibinde seredilen meseleler, öňde goýlan wezipeler we kabul edilen döwletli çözgütler ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmekde alnyp barylýan ägirt uly işleriň aýdyň güwäsi bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda: «Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatymyzyň esasynda alyp barýan işlerimiziň rowaçlanýandygyny görkezýär» diýip belläp geçmek bilen, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul etmek baradaky wezipäni öňde goýdy. Bu Konsepsiýanyň iş üpjünçiligi boýunça halkara guramalar, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, hususan-da, Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmakda möhüm ädim boljakdygy nygtaldy. Bu başlangyçlar ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň beýik ynsanperwerlige ýugrulandygyndan habar berýär.

Aknabat ATABAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory, ykdysady ylymlaryň kandidaty.