"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halypalaryň ýaşlyk albomyndan

Men bu suraty obadaşym, 1970-nji ýyllarda çeper höwesjeňler toparynda tar çalan Tagan Allamyradowdan aldym. Taganyň gürrüň bermegine görä, 1972-nji ýylda Moskwa şäherinde halk döredijilik toparlarynyň Bütinsoýuz festiwaly geçirilýär. Şol festiwala gatnaşmak üçin Tejen etrabynyň Täze oba geňeşliginiň çeper höwesjeňleri çakylyk alýarlar. Zehinli ýaşlar Moskwa ugramazynyň öň ýanynda Aşgabadyň gözel künjeklerine aýlanyp, Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň öňünde ýadygärlik surata düşüpdirler. Festiwalda olar «Bag içinde», «Hemrahym» atly sazlary uly joşgun bilen ýerine ýetirip, sylag-hormata mynasyp bolupdyrlar.

Millilige sarpanyň belent nusgasy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gadymy milli medeni mirasymyza, sungatymyza, däp-dessurlarymyza uly sarpa goýulýar. Olaryň gadymy durky, milliligi saklanyp, häzirki döwrüň ruhuna görä janlandyrylýar. Ýol-ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, medeni we ruhy gymmatlyklarymyzyň, milli mirasymyzyň gaýtadan dikeldilmegi, öwrenilmegi, halka ýaýylmagy hem-de dünýä çykarylmagy halkymyzyň baý mirasynyň ajaýyp öwüşgine eýe bolmagyna itergi berýär. Türkmen halky dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan iň gadymy halklaryň biridir. Gelin-gyzlarymyzyň el işleri medeni mirasymyzyň naýbaşy nusgalary hasaplanylýar. Halkymyzyň bu ajaýyp ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilip gelinmeginde ýaşuly nesliň göreldesi, öwüt-ündewleri wajyp orun eýeläpdir. Ajaýyp zamanamyzda bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, hormatly Prezidentimiziň enesi Ogulabat ejäniň manyly ömür ýoly, baý durmuş tejribesi göreldedir.

Eşretiň gözbaşy

Az sözde köp many aňlatmagy başarýan parasatly halkymyzyň rowaýatdyr tymsallary onuň durmuş ýörelgeleriniň edebi şöhlelenmesidir. Rowaýatlarda ynsan durmuşynyň täji bolan saglygyň hemme zatdan ileri goýulýandygyny görmek bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Saglyk — abatlyk» diýlip atlandyrylýan bölüminde ynsan saglygynyň gadyr-gymmaty hakynda giňişleýin söhbet edilýär hem-de ol gürrüňler dürli rowaýatlardyr täsirli tymsallar bilen berkidilýär.

Azady — ylym hem parasat eýesi

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndan. Döwletmämmet Azady:

Kitap okan gullar magnydan dokdur

Kämil jemgyýetde iň bir gelim-gidimli ýerleriň biri kitaphanadyr. Bolmalysy-da şol. Sebäp diýseň, sagdyn pikirliligiň, kämilligiň binýadynyň berk tutulmagyna sowatlylyk, sowatlylyga bolsa kitaphonlyk alyp barýar. Aslynda-da, kitaby mukaddeslik hökmünde apalap, ony päkize mata dolap goýýan türkmen — guba düýesini bir kitaba çalşyp bilen millet. Halkymyz güzeran keşiginiň kyn wagtynda-da okamagyň, kitaphonlygyň syýyndan aýrylyşyp bilmändir. Adamzat jemgyýeti swilizasiýa «aýagyny atandan» bäri, wagtyň synagyndan geçen we barha gadyry artýan gymmatlygy, eýsem, sarpalamaz ýalymy?!

Nepisligiň nusgasyna öwrülen senet

Türkmen zenanlarynyň döredýän gözellikleri, gymmatlyklary barada ýazmak hemişe-de ýakymly. Ýöne özüniň beýik göreldesi bilen milletiň käbesine öwrülen Ogulabat ejemiziň elinden dörän gözellikler barada ýazmak has-da ýakymly we täsirli. Arkadagly Serdarymyzyň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň manyly ömri bilen hem, on barmagynyň kämil hünäri bilen hem diňe bir döwürdeş gelin-gyzlarymyza däl, eýsem, telim-telim nesillere nusga bolup ýaşan Ogulabat ejemiziň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenilen iş guralyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrmagyna, bu mukaddeslikleri muzeýiň gymmatlyklarynyň hataryna sowgat berýän tolgundyryjy pursatlaryna ählimiz şaýat bolduk. Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen muzeýe gelen, gymmatlyklary onuň gaznasyna tabşyran pursatlary türkmençilikde ene-mamalarymyzdan galan gymmatlyklara nähili belent sarpa goýulýandygyny görkezýär. Alaja ― zenanlarymyzyň el işleriniň naýbaşylarynyň, göze gelüwlileriniň biri. Onuň gözden-dilden goraýjylyk häsiýeti baradaky ynanç ählimize mälim. Bu barada Gahryman Arkadagymyz hem özüniň dürdäne eserlerinde nygtady. Milli Liderimiziň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine we gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlady. Bu bolsa ýaşlar üçin g

Zähmetden bagt tapan

Gülşirin gelneje bilen söhbetdeş bolup, ony ýakyndan tananyňda, adamlaryň özüne berlen ukyp-başarnygy, zehini bilen köp zatlara eýe bolup bilýändigine göz ýetirýärsiň. Gyzyşyp giden gürrüňdeşligimiziň barşynda hakyky zähmet adamsyna duşandygymy derrew aňdym. Onuň gündelik iş we durmuş tejribesi, çekýän zähmeti köpler üçin nusga alarlyklydyr. Darganata etrabynyň 3-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Gülşirin Dusbaýewa örän işeňňir we başarnykly zenan. Ol zähmete belent sarpa goýulýan maşgalada kemala geldi. Ene-mamalaryndan maşgalany dolandyrmagy, milli däp-dessurlarymyzy, her bir zenanyň ýaraşygy bolan el işlerini öwrendi. Ol beýleki işler bilen birlikde keçe güllemegiň, basmagyň tilsimlerini hem ussatlyk bilen ele aldy.

Mähir bagy — alaja

Mähriban zenanlarymyzyň döreden el işlerinde tebigat bilen durmuşyň sazlaşygy duýulýar. Eşretli zamanamyzyň hözirini görüp, joşgunly zähmet çekýän zenanlarymyz Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gazanýan beýik ösüşleriniň, ýetýän belent sepgitleriniň waspyny yhlas-başarnyklaryny, zehinlerini, söýgülerini siňdirip dokaýan halylarynda, ajaýyp keçelerinde beýan edýärler. Döwrümiziň ösüşlerinden ruhlanyp, berkararlygyň, bagtyýarlygyň ebedi ýoluny gaýtalanmajak nusgalaryna siňdirýärler. Türkmen zenanlary elmydama gözelligiň gözleginde. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gelin-gyzlarymyzyň el hünärleriniň sarpasy belent tutulýar. Eneden gyza, halypadan şägirde miras galýan sungatymyzyň, el işleriniň gymmaty egsilmezdir. 

Geçmişden habar berýän gymmatlyklar

Taryhy ähmiýeti bolan sungat ýadygärliklerini, hünärmentçilik eserlerini, ylmy açyşlaryň nusgalaryny, ýaşaýşa, durmuşa degişli senetleri, gurallary we şuňa meňzeş gymmatlyklary ýygnaýan, saklaýan, sergi guramak bilen meşgullanýan edara bolan muzeýleriň işine Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýratyn uly üns berilýär. Muzeýlere gelip, olardaky taryhy tapyn-dylar we beýleki medeni gymmatlyklar bilen tanyş bolýan, gyzyklanýan raýatlarymyzyň sany hem barha artýar. Biziň muzeýimizde hem geçmişden habar berýän gymmatly tapyndylaryň ençemesi saklanyp, şolaryň käbiri bilen okyjylary tanyş etmegi makul bildik. 

Paýhas ummanyndan tymsallar

Haýsy biri möhüm?.. Üç sany dana goýry kölegeli agajyň aşagynda oturyp, adama geçmişiň, häzirki wagtyň we geljegiň haýsy biriniň has gereklidigini kesgitlemekçi bolýarlar. Hawa, şonda olaryň birinjisi: — Aslyň kimlerdendigini geçmişiň bolmasa, nädip biljek?! Geçmişde gulagyňda galan, öwrenen zatlaryň boýunça başarnykly bolunýar. Öňki gözüň ganan adamlaryňa bil baglap bilýärsiň, öň gören zadyňdan başyň çykýar. Şonuň üçinem adam üçin geçmiş has gerekli diýip hasap edýärin — diýipdir. Danalaryň ikinjisi: — Geçeni «geçdi» bil. Olar saňa nireden gerekli bolsun?! Adam geljegi bilen ýaşamalydyr. Geljek, belkem, maňa öňki görenlerime we ykrar edenlerime meňzemeýän täze bir zady aýan eder. Men şonuň bilen ýaşaryn, şonda geçmişsiz oňup bolýar — diýip, ol hem öz pikirini aýdypdyr. Danalaryň üçünjisi bulary ünsli diňläpdir-de ýylgyrypdyr. — Be, siziň ikiňiziň aýdýanyňyz hem biziň aňymyzda ýaşaýan düşünjeler we ýatlamalar. Geçmişiň yzda galdy. Geljegiň bolsa, entek seniňki däl. Adam şu güni bilen ýaşamaly. Adama şu gün has wajypdyr — diýip, ýaňky sowalyň anyk jogabyny aýdypdyr.

Söz sungatynyň seresi

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda baý mazmunly medeni-ruhy mirasymyzy gorap saklamakda, döwrebap görnüşde baýlaşdyrmakda, wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda tutumly işler amala aşyrylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän medeni diplomatiýa üstünliklere beslenýär. Bu gün türkmeniň beýik şahyry, akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara derejede ebedileşdirilmegi, eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi parasatly pikirleriň, ynsanperwer garaýyşlaryň, gymmatly pelsepeleriň hiç haçan könelmän, almaz daşy deý ýalkym saçýandygyny görkezýär. Aşgabat şäheriniň görnükli ýerinde, Köpetdagyň dag gerişleriniň eteginde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň hormatyna medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy türkmen halkynyň beýik şahyryna sarpasynyň bir nyşanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu medeni-seýilgäh toplumynyň Magtymguly Pyragynyň tutuş adamzat üçin nusgalyk şygryýet dünýäsi ýaly ajaýyp we gözel bolmagy ugrunda alada edip, işleriň gidişini hemişe gözegçiliginde saklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň 17-nji awgustda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumyna baryp, şol ýerde şahyra bagyşlap ýazan täze goşgusyny okap bermegi halkymyzda gyzgyn seslenme döretdi. Milli Liderimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynda türkmen halkynyň dili bolup sözlän şahyryň döredi

Zenan dünýäsini bezeýän sungat

Keşdeçilik sungaty türkmeniň naýbaşy milli gymmatlygydyr. Ençeme asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelýän keşde nagyşlarymyz köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda bu gadymy sungat gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň nepis nusgalary bolup, nesilden-nesle geçip, dowam edýär. Türkmen zenanlarynyň döredýän keşdeçilik sungatynyň özboluşlylygy, ilkinji nobatda, olaryň nepisligi, gözelligi, berkligi bilen tapawutlanmagyndadyr. Keşde egin-eşiklerde esasy orny eýeleýär. Zenan lybaslarynyň arasynda keşde bilen bezelip-bejerilen başatgyçlar aýratyn bellärliklidir. Milli başatgyçlaryň biri-de kürtedir. «Kürte» sözi «bürde» diýen arap sözüniň üýtgän görnüşidir. Arap dilinde ol ýeňsiz üstki geýimiň adydyr. Ol zenanlaryň toý-dabaralarda ulanýan başatgyjydyr.

Alaja — ak bagta ynanç

Taryhçylaryň maglumatlaryna görä, çeper el işleri ilkinji gezek zatlary bejermekden, olaryň ýüzüne her hili nagyşlary çekmekden, soňabaka bolsa, köp zatlary diňe nagyş bilen döretmekden başlanypdyr. Syýahatçylaryň ýazgylary, arheologik barlaglaryň netijeleri, muzeýlerde saklanylýan tapyndylar aýal-gyz kespleriniň has gadymy döwürlerde-de bolandygyny görkezýär. Aýal-gyzlaryň el işleriniň örän köp taraply bolşy ýaly, ene dilimizde şol kespler bilen baglanyşykly sözler-de, söz düzümleri-de kändir. Zenanlarymyzyň gol başarnyklarynyň iň ýönekeýjesi hasaplanýan alajalary alyp göreliň. Ony el işleriniň ilkinjileriniň biri hasap etse-de bolýar.

Pyragynyň aýak basan ýerleri

Meniň çagalyk döwrümiň köp bölegi ady şan-şöhrata beslenen türkmeniň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň waspyny ýetiren jülgeli, dagly, çeşmeli, bagly-bakjaly ýerlerinde, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Tutlygala, Gerkez we beýleki obalarynda geçdi. Şahyryň goşgularynda taryplap ýazan tebigatynyň gözelligi hakykatdanam şeýle. Bu täsin ýerler, beýikli-pesli, dürli şekilli, reňkli, gowakly daglar, gök öwsüp oturan baýyrlyklar, jeňňellikler Sumbar derýasy bilen ajaýyp gözelligi emele getirýär. Meniň dana Pyragynyň şol aýak basan ýerleriniň gözelligi barada söz açasym geldi.

Kärizler

Hormatly Arkadagymyzyň belent başlangyçlary we Arkadagly Serdarymyzyň döredýän giň mümkinçilikleri esasynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda daşky gurşawy, ekologiýany, biosferany arassa, aýawly saklap, içgin öwrenip, geljek nesillere ýetirmek döwlet derejesinde alnyp barylýan işleriň birine öwrüldi. Geljek nesillere galdyrmaga mynasyp zatlaryň hatarynda kärizleri agzamak bolar. Käriz ýerasty suw akabasy bolmak bilen, peşahyrdan jalawa çenli birnäçe dikanalary öz içine alýan ulgamdyr.

Medeni hem-de müdimi miras

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýokary baha berilýän medeni miras örän giň düşünje, oňa halkyň döreden ruhy hazynasy hem, maddy gymmatlyklary hem girýär. Biziň söhbedimiz şolaryň bir görnüşi bolan alaja barada. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa milletiň käbesi Ogulabat ejäniň on barmagynyň hünärinden dörän nepis alajalary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrdy. Bu alajalar geljek nesillere Ogulabat ejemizden ýadygärlik bolup galar. Ajaýyp muzeýler gözellikleriň goragçysy. Muzeý işgärleri olary gorap, apalap saklap, geljekki nesillere ýetirmek üçin alada edýärler. Türkmen gelin-gyzlarynyň çeper ellerinden çykan nepis keşdeler, halylar, çagalaryň, gelinleriň egin-eşiklerine, boýunlaryna dakylýan dürli görnüşli alajalar hem muzeýlerde öz mynasyp ornuny eýeleýär. Gahryman

Mähir siňen nepislik

«7/24 tm» № 34 (169) 21.08.2023  Güneş ýaly şöhle saçýar Akhanyň berk bedeni,Boýna dakan alajasy, mährem enäň edeni.Tutuş dünýä haýran bu gün gözelligiňe, şanyňa,Şöhrat seniň nyşanyňa, şekiliňe, tumaryňa.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy. Uly-kiçi her bir işde kaýyldyr ol gullugyna,Külli türkmen halky üçin ömür janly tildigine,Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Parasatlylygy terbiýeleýän oýun

Türkmen milli oýunlary halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden gymmatlyklarynyň biridir. Şolaryň biri hem ýüzük ýa-da keçe-keçe oýnudyr. Bu oýun halkymyzyň gadymy oýunlarynyň biri bolmak bilen, esasan toý dabaralarynda oýnalýar. Ol sport oýunlarynyň milli görnüşleriniň biri bolup, özüne çekiji, gyzykly, çekeleşikli häsiýeti bilen toýlaryň bezegi bolupdyr we adamlaryň wagtyny şadyýan geçirmegine ýardam beripdir. Oýun oýnalanda bukmak üçin ele sygaýjak ýüzük, kiçiräk çakgy ulanylyp, ony başga zatlar bilen çalyşmazlyklary we berk ýatda saklamaklary üçin ilkibaşda hemme oýunçylara görkezýärler. Soňra ýüzük bijesi çykan toparyň ýaşulusyna berilýär. Oýna gatnaşýanlar deň ikä bölünip, toparlaryň her biriniň düzümindäki oýunçylaryň sany toýlarda bu oýna goýulýan baýraga baglylykda 10 – 15 we şondan hem köp bolupdyr. Toparlaryň oýunçylary halka gurap, biri-biriniň garşysynda oturýarlar. Her toparyň oýundan gowy başy çykýan tejribeli ýolbaşçysy bolýar. Bijesi çykan toparyň oýunçylary halka gurup, onuň ýolbaşçysy ýüzügi alyp, elinde görünmez ýaly gizleýär. Ol şonda elini berk ýumýar ýa-da goluny ýeňiniň içine salýar. Toparyň ýolbaşçysy şol ýüzükli elini hataryň ugry boýunça öz oýunçylarynyň hemmesiniň goltugyna sokup, ýene elini öňküsi ýaly, ýüzügi kimde goýanyny bildirmän, yzyna çekýär. Şeýdip, ol öz toparynyň oýunçylarynyň has durnuklysynda, paýhaslysynda ýüzügi goýýar ýa-da özün

Gülli keçäm, nurly keçäm

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bilen bilelikde yglan eden «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň paýtagtymyzyň «Toý mekany» medeni-dynç alyş merkezinde geçirilen jemleýji tapgyryna deslapky tapgyrlarda öňe saýlanan ökde keçeçi gyz-gelinler gatnaşdylar. Akly-gyzylly keçelerden we dürli keçe önümlerinden doly giň zalyň içine gül düşelen ýalydy. Reňkleriniň hem nagyşlarynyň dürli-dürlüligi bilen biri-birinden tapawutlanýan keçeleriň arasyndan «gelinbarmak» nagşy salnan ojakbaşyda nazarym eglendi. Şol pursat göz öňümde ýazlaga çykylanda, ak öýüň içinde gülli keçäniň üstünde oturyp, ýüň egirýän enemiň keşbi janlandy. Enem el işlerine diýseň ökdedi. Ýaz hem-de güýz gyrkymy möwsüminde özi üstünde bolup, ýüňleri saýlap alardy, olary darap, egrip, boýap, haly dokamaga taýýar ederdi. Inçelik bilen egrilen ýüplerden dokalan halylar şeýle nepis hem owadan bolardy. Enem keçe taýýarlamagyň hem ussadydy. Syrgynyň gyz-gelinlerini üýşürip, keçe güllärdi. Onuň ýüňüni taýýarlamagy hiç kime ynanmazdy. Güýz ýüňüni arassalap, ýylgyn çybygy bilen tä pamyk ýaly ýumşajyk bolýança saýgylardy. Bu iş kähalatda onuň uzakly gününi alardy. Soňra darap, pişge ýasardy. Pişgeleri ýogyn hem inçe görnüşde süýerdi. Hemme zady taýýar etdim diýende,