Türkmeniň demirgazyk ýaýrawy (Garagalpak türkmenleri)

27 Iýul 2021
2601

Özbegistan döwletiniň Garagalpagystan awtonom respublikasynda ýaşaýan türkmenler halkymyzyň iň demirgazykda ýerleşen bölegidir. Garagalpagystanly türkmenleriň oturýan ýerleri taryhy geçmişde gadymy Horezm, Köneürgenç türkmenleriniň döwletlerine we soňra Hywa hanlygyna degişli bolupdyr. Eýsem, türkmenler ol topraklara haçan we näme sebäpden düşdülerkä? Özbegistanyň Garagalpagystan respublikasynda ýaşaýan türkmen kowumdaşlarymyz häzirki ýaşap oturan ýerlerine aýry-aýry wagtlarda göçüp barypdyrlar. Türkmenleriň bu ülkä ilki gadam basanyndan bäri indi iki asyr töweregi wagt geçipdir. Olar ilkibaşda Balkan, Gürgen we Maňgyşlak sebitlerinde ýaşapdyrlar.

Taryhdan mälim bolşy ýaly, ХVII — ХIХ asyrlar türkmen taýpalarynyň göçe-göçlük döwri bolupdyr. Uzboý arkaly öz suwuny Hazar deňzine guýan Amyderýa ХVII asyrda öz akymyny üýtgedip, Aral deňzine guýup başlaýar. Suw bolmansoň bu sebitde ekerançylyk we ýaşaýyş-durmuş pese gaçýar. Ilat ekerançylyk üçin täze ýerleriň gözlegine çykmaly bolupdyr. Suw ýetmezçiligi, galyberse-de käbir syýasy ýagdaýlar türkmen tire-taýpalarynyň belli bir böleginiň Amyderýanyň sag kenaryna göçmegine sebäp bolupdyr.

Tirkeş AMANÝAZOW,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.