Seýil-seýran etseň seýilgählere

12 Iýul 2021
2442

Mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, hususan-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze-täze seýilgähler döredildi we öňden barlarynyň durky zamanabap röwüşde täzelenýär. Hormatly Prezidentimiz geçiren iş maslahatynyň birinde paýtagtymyzda türkmen-özbek dost-doganlyk gatnaşyklarynyň şu günki belent ösüşleriniň nyşany boljak täze «Daşkent» seýilgähini döretmegiň taslamasynyň üstünde işlemek we onuň gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek barada degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi.

Mähriban Arkadagymyzyň binagärlik, döredijilik ylhamynyň çeşmesi bolan ak şäherimiz umumadamzat jemgyýetini parahatçylyga, dost-doganlyga, ýagty geljege çagyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheri has gözelleşýär, ösýär, özgerýär. Uly ýaşaýyş toplumynda, ymaratlaryň ýanynda dürli baglar, güller oturdylýar. Şäher gurluşygynda Gündogaryň, Günbataryň öňdebaryjy binagärlik tejribesi giňden ulanylýar.

Annajemal ORAKOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri.