Daşky gurşawy goramagyň hukuk binýady

6 Iýun 2021
2033

Türkmenistanda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak, ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak, ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmak hem-de gözel tebigatymyzy aýawly saklamak ugrunda döwlet derejesinde maksatnamalaýyn we meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 18-nji fewralynda kabul eden Karary bilen tassyklanan, «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) ýetmek boýunça ählumumy strategiýasynyň möhüm bölegi hökmünde howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça giň gerimli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Eziz Diýarymyzda ekologiýa meseleleri boýunça öz esasy çemeleşmelerinde Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ählumumy, sebit we milli gurallarynyň utgaşdyrylmagy häzirki döwürde ileri tutulýan ugra öwrülýär.

Baýram GURTMYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň hukuk maslahatçysy.