Bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

22 Mart 2021
2026

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan dünýäde ekologiýanyň, daşky gurşawyň goralmagy ugrunda işjeň çykyş edip, nusgalyk işleri amala aşyrýar. Çöllük ýerlerde sazak, daglyk ýerlerde arça, derýa boýlarynda bolsa dürli agaçlaryň tokaýlyklary döredilýär. Olar oňaýly mikroklimaty emele getirýär, daşky gurşawy arassa saklaýar.

Bag ekmek diňe howany arassalamak ýa-da adamlaryň jan saglygyna oňat täsir etmek bilen çäklenmän, eýsem, iň sogaply işleriň biri hasaplanýar. Halkymyzda örän irki döwürlerden bäri zeminiň baýlyklary we gözellikleri bolan suwa, ýere, bag-bakja we haýwanat dünýäsine aýawly garamak babatda nesilden-nesle geçip gelýän asylly ýörelgeler kemala gelipdir. Olar häzirki bagtyýar zamanamyzda-da özüniň ähmiýetini ýitirmän gelýär.

Meýlismyrat ORAZMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň 1-nji bölüminiň wagyz-nesihat bölümçesiniň uly gözegçisi, içerki gullugyň uly leýtenanty.