Gülli keçe düşek bolar

26 Fewral 2021
2253

Türkmen halkynyň amaly-haşam sungaty baý we köp ugurlydyr. Ol halyçylyk, zergärçilik keşdeçilikdir nakgaş eserleri bilen bir hatarda, halkyň ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur bolan keçe önümlerini hem öz içine alýar. Keçe taýýarlamakda we haly dokamakda türkmen gelin-gyzlarynyň hyzmaty örän uludyr. Olar ýüregindäki arzuw-hyýallaryny el işlerine, dokan halylaryna, basan keçelerine, çeken keşdelerine, geýen egin-eşiklerine siňdiripdirler.

Keçe diňe düşek hökmünde ulanylman, eýsem, ondan ak öýleriň üstüni Günden, ýagyşdan-gardan goramak üçin serpik, üzük, durluk ýaly keçe önümleri, düýelere halyk, atlara atkeçeler, tazylara jul hökmünde eşik, çopanlar üçin ýapynjalyk oýluklar taýýarlanypdyr.

Annagözel NAZAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň sergi işlerini guramak bölüminiň esasy hünärmeni.