Togsan dolup, ýere ýyly gidende...

24 Fewral 2021
1229

Dogrudanda, togsan dolup, ýere ýyly gidensoň, tebigatyň keşbinde täsin ýagtylygy, özgerişligi, janlanyşy, ruhy galkynyşy duýmak bolýar. Gözbaşyny şol ýagtylykdan, janlanyşdan alyp gaýdýan baharda ynsanyň dünýäsini özgertmek ukyby bar. Şeýle ylahy güýje eýe bolan bahar diňe bir şahyrlaryň däl, eýsem, ähli adamlaryň ýürek joşgunlarynyň sakasydyr. Sebäbi baharda her bir adamyň süňňi ýeňläp, täze işleriň başy başlanýar. Şu günki ýaly ýadymda, bahar geldigi, ejem: «Öňki tamdyrymyz hem durubersin! Men size täzeje tamdyrdan çörek iýdireýin!» diýip, tamdyryny, şeýle hem ak öýümiziň gyşda ýakylan otdan garalyp duran üzükdir durluklaryny, serpigini täzelärdi. Şol barmanada «düýämiz botlady» diýen ýaly hoş habarlar gelip, owlakguzularyň mäleşýän sesleri eşidilip başlardy.

Ene topragy diýsene! Oňa atan tohumynyň müňläp gitjekdigine ynanýan, herki pursatdada topraga daýanýan daýhanyň bolsa eýýämden bili guşalandyr. Özüçe hiňlenip, ýer depip, çekýän zähmetinden lezzet alyp ýörendir...

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».