Sowgat (Italýan tymsaly)

2 gün öň
78

Ir döwürlerde Milanda meşhur pälwan ýaşapdyr. Ol her Täze ýylda şäher ýarmarkasynda guralýan şowhunlara gatnaşar eken. Şeýle şowhunlarda göreş tutdurylyp, ýeňijä ajaýyp skripka sowgat ediler eken. Her gezegem ýaňky pälwan garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykyp, arzyly skripka eýelik edipdir. Ol alan baýraklaryny, şol sanda skripkalary-da satyp, gerek-ýaragyny alar eken.

Ýylyň-ýylyna Täze ýyl baýramynda şowhun baryny görkezýän pälwanyň dabarasy dag aşypdyr. Ýöne bir baýramçylykda ol, garaşylmadyk ýagdaýda, garşydaşyndan asgyn gelýär oturyberýär. Ýarmarka baran adamlar şowhun görmek üçin ýene-de göreş tutulýan meýdança jemlenýärler. Ýene-de şol pälwan garşydaşyny ýanbaşdan aýlap, urup durupdyr. Ahyrsoňy märekäniň arasyndan bir oglanjyk çykyp, pälwanyň alkymyna barýar-da, bil tutluşmagy teklip edýär. Pälwan bir pursat onuň ýüzüne seredip duransoň razylaşýar. Hemmeleri aňk edip, pälwan oglanjykdan asgyn gelýär. Oglanjyk skripkany alansoň, şatlykdan ýaňa uçaýjak bolup, märekeden saýlanýar.

Rus dilinden terjime eden Merjen GÖNIBEKOWA,
Gökdepe etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.