Ykdysadyýetimiziň berk binýady

1 gün öň
56

Halkymyzyň abadançylygyny has-da gowulandyrmak babatynda durmuşa geçirilýän asylly işler öz netijesini yzygiderli berýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrundaky alnyp barlan işler has-da täze üstünliklere beslendi. Şeýle ähmiýetli işleriň özeninde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durandygyny agzamak mümkin. Bu resminama, ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmakda we ösüşiň ýokary görkezijilerini gazanmakda ähmiýetli orny eýeleýär.

Ýurdumyzyň pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak durnukly ösüşi üpjün etmek bilen birlikde, halkara derejesinde özboluşly hem-de milli önümçilik kuwwatymyzy äşgär edýär. Bu ugruň hukuk binýady hem has-da pugtalandyrylyp, degişli ugruň tapgyrlaýyn ösüşi kemala gelýär. Täze taryhy döwürde ylmyň iň täze gazananlarynyň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy sanly ulgamyň sanardan köp mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin şert döredýär. Häzirki wagtda internet arkaly dürli harytlary oturan ýerimizde sargamak, dürli söwda işlerini alyp barmak, gündelik neşirler bilen tanyş bolmak, islendik kitaby okamak, welaýatara gatnaýan ulaglaryň dürli görnüşlerine petek almak ýaly sanly ulgamyň mümkinçilikleri durmuşymyza oňaýly täsirini ýetirýär.

Oguljennet JUMABAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.