Gymmatly taryhy-edebi hazyna

23 Dekabr 2024
103

Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýyl iň täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljak şanly wakalar arkaly uly üstünliklere beslenýär. Şeýle ajaýyp wakalaryň biri-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyny halkymyza peşgeş bermegidir. Bu taryhy-filosofik eser hormatly Arkadagymyzyň halkymyzyň şöhratly taryhy we edebi mirasy hakyndaky toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdir, şeýle-de gadymy oguz edebiýatynyň ähmiýetini açyp görkezmekde gymmaty egsilmejek çeşmedir.

Halkymyzyň döreden milli gymmatlyklary, baý taryhy babatda durmuşa geçirilen ylmy, filosofik, çeper mazmunly işler geljekki nesillerimiz üçin gymmatly hazynamyzdyr. Hut şu jähetden alnanda, Milli Liderimiziň ilimize serpaý eden eserleri — «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Älem içre at gezer», «Janly rowaýat», «Döwlet guşy», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...», «Arşyň nepisligi», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» ýaly çuňňur pelsepä ýugrulan ajaýyp kitaplary, şol sanda «Hakyda göwheri» atly täze eseri türkmen paýhasynyň kemala gelmeginde tapylgysyz milli ruhy we medeni gymmatlygymyzdyr.

Mähri PÄLWANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.