Magtymgulynyň taglymatynda ömri dogry ýaşamak (Makalalar toplumy)

23 Dekabr 2024
110

DOGRY UKY ÖMRÜŇI UZALDÝAR ýa-da GIJÄNI NÄHILI GEÇIRMELI?

Uky — ynsan ogluna berlen iň uly nygmatlaryň biri. Ol adam saglygyny we durmuşyny goldaýan iň möhüm faktorlaryň hatarynda durýar. Hiç bir derman ýa-da serişdeler bilen onuň öwezini dolup bolmaýar. Adam saglygynyň aýrylmaz bölegi bolan uky ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegini, immunitetiň güýçlenmegini üpjün edýär we stresiň derejesini azaldýar. Uky diňe bir dynç alyş üçin däl, eýsem, beýniniň we bedeniň täzelenmegi, duýgurlyk, ýatkeşlik, fiziki kuwwat we ruhy saglyk üçin hem möhüm zerurlykdyr. Dogry we ýeterlik ukyny almak adamyň işjeňligini, döredijiligini hem-de umumy bagt duýgusyny ýokarlandyrýar.

Aýnur AGALYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.