Pelegiň çarhy we ykbaly

10 Dekabr 2024
203

Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetleriň döredijiliginde pelek we ykbal hakyndaky temalar halkyň arzuwlary bilen baglanyşyklydyr. Bu sowallar il-halkyň ýagty günlere çykmagyna bolan umyt uçgunlarydyr hem-de akyldarlaryň ýüregini lerzana getiren ynamydyr. Magtymguly Pyragynyň «Dert nedir» atly goşgusynda durmuşyň sowaldan doly dürli ugurlary açylýar. Şahyryň bu goşgusynda döredýän ýüregiň otly örtenmesi okyjynyň hem hyýalyny öz duýgy dünýäsi bilen birleşdirýär. Şahyryň ilki başky iki setirini mysal getireliň:

Akyl, göz hem ykbal, iman dördüsi,
Jyda galsa, derman nedir, dert nedir.

Bägül ANNABAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kafedra müdiri, ýazyjy.