Eje, Bu ýene-de men...

10 Dekabr 2024
206

Eje, bu ýene-de men. Seniň şol ýürege düşgünç ogluň. Şu güne çenli ýüregiňe düşübildim. Gijeler çyrlanymda, saňa iş bolanym ýeterlik dälmi eýse?! Nämäni gadagan etseň et, emma günde ýekeje ýola ötünç soramagy gadagan etme. Senden ötünç sorasam, ýüregim biraz köşeşýär. Ýene-de bir zada rugsat et, men öňkülerim ýaly saňa näzirgäýin, bişiren naharyňy iýesim gelse-de, iýmediksirän bolaýyn. Başga bir ýok naharyň adyny tutup: «Diňe şony iýesim gelýär» diýeýin. Käýinjiňi eşideýin, eje! Ýör, körpeligimdäki ýaly seýilgähe äkit, dünýäde ýekejäm!

Öňler seniň aýlan ýerleriňe zyýarat ederdim. Bu çal saç, deramatsyz gurbat indi ol jelegaýlara giderden has ejiz. Indi diňe öwüt beren otaglaryň, elleriň bilen naharlan aşhanaň maňa seni ýatlamaga söýget berýär. Ýadyňa düşýärmi, bir gün bezzatlygym üçin käýäniňde öýkelänem bolupdym. Şonda öňüme iň eý görýän ýagly gutabymy getireniňde bolsa, kinämiň gataňsy damary ýazylypdy.

Ýolaman GURBANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.