Ak günleriň ýaraşygy

1 Ýanwar 2021
2185

Hoş günleriň ýakymy, hakydalaryň baky hemrasy bolan ajaýyp pursatlaryň ýylylygy bizi bagty süňňümiz bilen syzmaga, kalbymyz bilen ezizlemäge mejbur edýär. Allatagalanyň peşgeş beren günlerini bagtyýarlyga beslemek päkligiň, her bir dogýan Gün bilen ynsanlara ýylgyryş hem bagt paýlamak beýikligiň alamaty. Bu gün hormatly Prezidentimiziň saýasynda bagtyň güzer edinen berkarar ýurdumyzda her dogýan günümiz bizi bagtyýarlygyň goýnuna atarýar.

Akyldarlaryň birine: «Bagtyňy nädip tapmaly?» diýip sowal beripdirler. Ol: «Öz bagtyňy gözlemek biderek wagt ýitirmekdir. Dünýäde her bir adam garaçyny bilen nirededigi näbelli bagtynyň gözleginde. Biziň bagtymyz özgeleriň bagtynda gizlengi. Sen olara bagtyny ber, soň siziňki size gaýdyp geler. Aslynda, ynsanlaryň ömrüniň manysy-da özgeleriň bagtynyň içinden öz bagtyny tapmakdyr» diýip jogap beripdir. Bu barada halkymyz hem «Özgäni hoşbagt edeni betbagt saýma» diýen paýhasy döredipdir. Bütin adamzadyň ýagty geljegi, asuda durmuşy hakynda gije-gündiz alada edýän, asyrlara barabar beýik işleri durmuşa geçirýän, öz bagtyny halkyň, il-günüň bagtynda görýän Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik, durmuş ýoly hem, akyldaryň aýdyşy ýaly, ynsanyýete bagt paýlamakdan, mukaddes Diýary berkarar etmekden ybaratdyr.

«Edebiýat we sungat».