Döwletara dialogyň taryhynda täze tapgyr

24 Oktýabr 2024
223

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň 10 — 13-nji oktýabrda Türkmenistana amala aşyran ilkinji sapary 1992-nji ýylyň 23-nji aprelinde ýola goýlan döwletara dialogyň taryhynda hil taýdan täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyran möhüm ädime öwrüldi. Dostlukly ýurduň Baştutany saparyň çäginde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp paýtagtymyzda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma hem gatnaşdy.

12-nji oktýabrda Türkmenistanyň hem-de Mongoliýanyň Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumynyň «Rowaç» zalynda geçirilen ikiçäk gepleşikleriň dowamynda hormatly Prezidentimiz Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň ýurtlarymyzyň halklarynyň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekde taryhy waka boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň Mongoliýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi, iri halkara guramalaryň çäklerinde ýakyndan özara hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändigini belledi. Türkmen-mongol gatnaşyklarynyň mazmuny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ählumumy ösüşiň ýörelgelerine garaýyşlar babatda doly özara düşünişmek bilen şertlendirilendir. Ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda söhbetdeşler türkmen-mongol gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.