«Gurmak — gurplulyk, öndürmek — ösüş» diýen ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgesiniň mynasyp dowam etdirilýän döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmekde giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde uly abraýdan peýdalanýar, halkymyzyň halkara jemgyýetçilikdäki mertebesi barha beýgelýär. Täze taryhy döwrümizde döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň döwrebap ösüşi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyň maksatlaryndan, tutumly başlangyçlaryndan ugur alýar. Milli demokratiýanyň ýoly bilen röwşen geljegi nazarlaýan döwletimizde amala aşyrylýan işler jemgyýetimiziň gülläp ösmegine, tutuş halkymyzyň, häzirki hem-de geljekki nesillerimiziň bagtyýar durmuşynyň binýadyny berkitmäge gönükdirilýär.
Ýurdumyzda halkyň döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydygy, döwlet özygtyýarlylygynyň halk tarapyndan amala aşyrylýandygy kanuna esaslanýan aýdyň ýörelgedir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda Gahryman Arkadagymyz: «Raýatlarymyzyň watansöýüjiligi, häkimiýet bilen halkyň mizemez bitewüligi bolsa döwlet durmuşynyň binýady, kämil jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň esasy bolup durýar» diýip belläp geçmek bilen, bu bitewüligi döwrüň aňyýetini ösdürmegiň esasynda goýup, ýurdumyzda häkimiýet bilen halkyň, döwlet bilen jemgyýetiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak babatda ähli tagallalaryň edilýändigine ünsi çekdi. Şonuň üçin hem berkarar Diýarymyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslary pugtalanyp, ynsanperwer, adalatly jemgyýet has-da berkeýär. Adam hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini mundan beýläk-de üpjün etmek, goramak babatdaky işler barha kämilleşýär.