Garaşsyzlyk baýramy

1 Oktýabr 2024
389

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy welaýatymyzda uly ruhubelentlige beslenip, şowhun-şagalaňly, dabaraly bellendi. Etrap merkezlerinde, şäherçedir obalarda geçirilen dabaralara bagtyýar ildeşlerimiz egsilmez hyjuw bilen agzybirlikde gatnaşdylar.

Esasy baýramçylyk dabarasy Änew şäherinde, welaýat häkimliginiň golaýyndaky Mukaddeslik meýdançasynda saba säherden ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Döwlet baýdagymyzy belende galdyrmak dabarasyna welaýat häkimliginiň, edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar ýaşlar, şeýle-de baş baýramymyz mynasybetli döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan ildeşlerimiz gatnaşdy.

Ýörite habarçymyz.
SURATDA: dabaradan pursat.