Sürüjilere maslahatlar

30 Sentýabr 2024
391

Mälim bolşy ýaly, endikler köp babatda şahsyýetiň adamkärçilik derejesini kesgitleýär. Jemgyýet bize endiklerimize garap baha berýär. Durmuşda hem endiklerimize, hereketlerimize görä orun tapýarys. Bu ýagdaý ýol hereketi babatynda hem şeýle. Ýol hereketine gatnaşýan wagtymyz özümizde gowy endikleri taplamagy başarsak, şonça-da ýol hadysalarynyň döremek töwekgelçiligi azalýar. Ýöne gynansak-da, kähalatlarda özünde kemala gelen erbet endikleri sebäpli ýol hadysalaryna uçrap, özüni we töweregindäkileri uly howp astynda goýýanlar hem ýolda-yzda gabat gelýär.

Öňden barýan awtoulaga has golaý barmak ― öňdäki awtoulagyň sürüjisiniň aňyna ýaramaz täsir edip, ol dolandyrýan awtoulagynyň tizligini gataltmaga mejbur bolýar. Yzdan golaý barýan ulagyň çyralary onuň gözlerini gamaşdyryp biler. Şeýle etmek bilen, siz heläkçilikli ýagdaýy döredip biljekdigiňizi ýatdan çykarmaň. Meselem, tejribesiz sürüjiler şeýle ýagdaý sebäpli, awtoulag heläkçiligine getirip biljek ýalňyşlyklary goýberip biler.

Baky MUKGAÝEW,
Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Wekilbazar etrabynyň polisiýa bölüminiň PÝGB-niň ýol gözegçiligi wzwodynyň serkerdesi, polisiýanyň maýory.