Watan — bagtyň sakasy

30 Sentýabr 2024
491

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň ýakymly pursatlarynyň ähli halkymyzyň, dünýä türkmenleriniň hakydasyna dolan günlerinde, ata Watanymyzyň çar künjünde üstünlikli geçen Baş baýrama hem-de tutuş ýylyň dowamynda doglan gününiň 300 bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanyp, dürli döredijilik duşuşyklary, wagyz-nesihat hem-de dabaraly çäreler geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ýakymly pursatlary bilen ençeme ynsanyň hakydasyna berçinlän şeýle dabaraly çäreleriň biri-de geçen hepdäniň şenbe gününde Türkmenistanyň Döwlet akademiýasynda boldy. «Türkmen dünýäsi» gazetiniň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi bilen bilelikde yglan eden «Dünýä akyldary — türkmen Danasy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijilere Hormat hatlary we baýraklar gowşuryldy.

Taryhy döwürlerde ýüze çykan dürli sebäplere görä, ata-babalary eziz Diýaryndan alyslarda mekan tutunyp, şol ýerlerde öý-ojak edinen dünýä türkmenlerini her ýyl ata Watanda bir supranyň başynda jemleýän Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky dabaraly maslahaty guralýar. Milli söýgini dabaralandyrýan bu maslahatyň Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda bellenilmeginiň özboluşly manysy bar. Onda dünýä türkmenleriniň wekilleri taryhy ata Watanlarynda bir supranyň başynda jemlenýär we döwletimiziň özbaşdaklygynyň, erkinliginiň, Garaşsyzlygynyň toýuny agzybir halkymyz bilen bilelikde garşylaýarlar. Şeýle-de olar Birleşigiň «Türkmen dünýäsi» gazeti bilen ýylyň ilkinji senelerinde yglan eden bäsleşigine-de gatnaşyp, bu toýly günlerde şatlyklaryny goşalandyrýarlar.

«Türkmen dünýäsi».