Türkmen tebigaty waspyň dillerde

30 Sentýabr 2024
437

Hormatly Prezidentimiziň 13-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyrygy esasynda geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda ýylyň dowamynda yglan edilen birnäçe döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ol Baş baýram — döwlet özbaşdaklygynyň 33 hem-de dünýä akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň birine öwrüldi. Onda «Türkmen dünýäsi» gazeti bilen Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň ýylyň başynda bilelikde yglan eden «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.

 Dabaraly çärä döredijiligi hemra edinip, ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz, bagtyýar ýaşlarymyz, medeniýet we sungat ulgamynyň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekilleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň şahsy hem-de köpçülikleýin agzalary, halypa žurnalistler, ýazyjydyr şahyrlar gatnaşdy. Turuwbaşdan, şowhuna beslenen çärede birnäçe çuň many-mazmunly çykyşlar boldy. Olarda türkmen danasynyň paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň dürdäne setirlerinde we tutuş süňňünde ýokary çeperçilik serişdeleri bilen beýan edilen düýe ýaly harsaň daşly daglarymyz, halkymyzyň göwni kimin giň sähramyz, ylham bagyşlap, ýürekleri melul eýleýän ýazlarymyz, çopanlaryň çalýan şirin sazlaryny, saýrak guşlaryň owazlaryny hem-de owlak-guzularyň ýakymlyja seslerini gursagynda göterýän ýaýlalarymyz, umuman, gözel tebigatymyz dogrusyndaky täsirli söhbetlere orun berildi. Maglumata baý çykyşlarda ata Watanymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsi, döwletimiziň ekologiýa syýasaty hem-de bu babatda dünýä derejesinde alyp barýan işleri, öňe sürýän asylly başlangyçlary, ýurdumyzda her ýyl iki möwsümde hormatly Prezidentimiziň badalga bermeginde, onuň nusgalyk göreldesine eýerýän halkymyzyň köpçülikleýin bag ekişlerini, ýowarlaryny geçirýändigi barada buýsanç bilen nygtaldy.

«Türkmen dünýäsi».