Ýaşulularyň halkara gününe bagyşlanan dabara

30 Sentýabr 2024
458

Şu gün welaýat hem-de Türkmenabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Ýaşulularyň halkara gününe bagyşlanyp dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdylar.

Döwletimiz tarapyndan ýaşuly nesliň wekillerine goýulýan belent sarpanyň ýüze çykmasyna öwrülen dabaraly maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň barha dabaralanýandygyny, ýaşuly nesliň wekillerine belent sarpa goýulýandygyny, olaryň döwlet tarapyndan ählitaraplaýyn aladalar bilen gurşalyp alnandygyny buýsanç bilen bellediler. Maslahata gatnaşan il sylagly ýaşululara, kümüş saçly enelere hormatly Prezidentimiziň adyndan toý sowgatlary gowşuryldy. Maslahatda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli welaýat medeniýet müdirliginiň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna giň gerim berildi.

Agamyrat SOLTANOW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.