Ýaşulular — durmuş mekdebi

30 Sentýabr 2024
400

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Geçmişi, şu güni we geljegi baglanyşdyrýan, her bir şahsyýeti adamkärçilige, päk ahlaklylyga ugrukdyrýan, maşgala agzybirligini pugtalandyrýan, manyly ömür menzilleri, öwüt-ündewleri bilen bizi beýik maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýan ýaşuly nesliň mertebesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende göterilýär” diýip, ýaşuly nesle aýratyn uly sarpa goýýar.

Her ýylda ýaşuly nesliň wekillerine «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy, mährem enelerimiziň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanmagy, Ýaşulularyň halkara gününiň ýurdumyzda uludan bellenip geçilmegi, döwletli tutumlarda ýaşuly nesle sala salynmagy, olaryň pikir-garaýyşlarynyň diňlenmegi hem şeýle diýmäge esas berýär. Ýurdumyzda däne we gowaça ekişine, galla we pagta ýygymyna dili senaly ýaşulularyň “Bismillasy” bilen girişilmeginde-de uly many bar.

Hakberdi SAPARDURDYÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Tejen etrap Geňeşiniň hünärmeni.