Garaşsyzlyk — guwanjymyz

27 Sentýabr 2024
432

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýalkymy döwrümize nur çaýyp, her birimiziň ömrümizi bezeýär. Çünki bu gün türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty berkarar döwletimiziň her bir raýatynyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Adam hakyndaky aladanyň ähli zatdan ileri tutulmagy bu hakykatyň aýdyň beýanydyr. Halkyň bagtyýar durmuşy, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, okamagy, öwrenmegi, zähmet çekmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikleriň sagdyn durmuş ýörelgesi bilen utgaşmasy bolsa Watanymyzda ynsan saglygyny goramaga uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. Çünki saglyk ähli üstünlikleriňdir ýeňişleriň gözbaşydyr.

Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň halkara derejesindäki ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri bolsa sportdaky okgunly ösüşleriň görkezijisidir. Bu ugurda soňky ýyllarda ýetilen sepgitleriň ähmiýeti babatda asyrlara barabardygy her birimizi buýsandyrýan hakykatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesi şeýle ajaýyp netijeleriň gözbaşydyr.

Täzegül ORAZOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň öwreniji mugallymy.