Iliň abadançylygyna

26 Sentýabr 2024
431

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde tutumly işler alnyp barylýar. Ol işleriň hatarynda harby bölümleriň we edara-kärhanalaryň awtomobil tehnikalaryny heläkçiliksiz, niýetlenilişi boýunça ulanmagy, bellenilen kadalara we möçberlere laýyklykda, ýol resminamalarynyň ýerindeligini we dogry resmileşdirilendigini üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde hereket edýän düzgünnamalaryň, buýruklaryň we kadalaşdyryjy namalaryň talaplaryna baglylykda ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi; ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine, harby bölümleriň we edara-kärhanalaryň ulag serişdeleriniň, sürüjileriniň ýol hereketiniň kadalaryny we awtomobil tehnikasyny ulanmagyň düzgünlerini berjaý edişlerine gözegçilik etmegi; ulag serişdelerini dolandyrmaga degişli derejedäki hukugy almaklyga synaglary tabşyrmak üçin goýbermek maksady bilen sürüjilerden nazaryýet we amaly synaglary guramagy hem-de almagy; ýol hereketiniň kadalarynyň we ulag serişdeleriniň ulanylyş kadalarynyň bozulmalaryny hasaba almagyň guralyşyna gözegçilik etmegi görkezmek bolar. Şeýle-de hadysalaryň bolmagyna täsir edýän sebäpleriň we şertleriň seljermesini geçirmek, ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmalary baradaky materiallaryň seljerilişi we çözülişi baradaky resminamalaryň bellenen tertipde berjaý edilişine gözegçilik etmek, harby bölümlerde, edara-kärhanalarda, çagalar baglarydyr mekdeplerde wagyz-nesihat çäreleriniň yzygiderli geçirilmek ýaly çäreleri-de biraýlygyň çäginde geçirilen işleriň hatarynda bellemek bolar.

Watanymyzyň asudalygyny, çäk bitewüligini goraýan merdana Watan goragçylary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Süleýman AŞYRMUHAMMEDOW,
Gökdepe garnizonynyň Harby awtomobil gözegçiliginiň müdirliginiň kapitany.