Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

4 Sentýabr 2024
47

...Weziriň ogluny şanyň köşgüne myhmançylyga ýany bilen alyp gidişi baradaky tymsalda hem myhmançylygyň düzgünleri beýan edilýär.

«Myhmançylykda özüňi asylly alyp bargyn. Saňa şanyň süýji nygmatlardan hödür etmegi mümkin. Sen iýmän çekinjiräp oturmagyn» diýip, wezir ogluna tabşyrýar. Oglana patyşa burk urýan alma hödür edýär. Oglan hem ony alýar-da, kakasynyň çekinjiremegin diýen sözlerini ýatlap, ony işdämenlik bilen iýýär. Soň kakasy: «Oglum, sen ýalňyşdyň. Patyşanyň saňa eli bilen uzadyp hödür etmegi uly mertebe. Sen uly hormat bilen patyşa minnetdarlyk bildirip, almany hem aýratyn sowgat hökmünde, öz ýanyňa alyp gaýdan bolsaň gowy bolardy» diýip, oňa öwüt berýär. Ertesi gün patyşa oglana öz öňündäki ullakan omaçany hödür edýär. Oglan ilkibada aljyrajak ýaly edýär. Soňundanam patyşa minnetdarlyk bildirip, omaçany şol wagt iýmän, ýagy-beýlekisi bilen ýanyna alypdyr.

Beýleki habarlar