Goşa baýramyň joşguny

4 Sentýabr 2024
55

Ýene-de sanlyja günlerden ýurdumyzyň ähli künjeginde uly ruhubelentlik bilen toýlanyljak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna merjen şäherimiz Aşgabatda hem uludan taýýarlyk görülýär. Paýtagtymyzyň ajaýyp keşbinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza peşgeş beren bagtyýarlygy aýdyň şöhlelenýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen rowaçlanýan ak mermerli paýtagtymyz döwrüň kämil binagärlik sungatyna öwrüldi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk senesiniň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramy bilen utgaşyp gelmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Ýakynda ýurdumyzda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde hem merjen şäherimiziň aklyga beslenen keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän täze desgalaryň — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi goşa baýramymyzyň joşgunyny has-da artdyrdy. Şol gün ýurdumyzdan alysda hem akyldar şahyrymyzyň ady nobatdaky gezek ebedileşdirildi. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde 540 orunlyk Magtymguly Pyragy adyndaky umumybilim berýän orta mekdep dabaraly ýagdaýda açyldy.

Merjen ALLAMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar