Buýsançly göwünleriň kelamy

4 Sentýabr 2024
43

Düýn Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasynyň mejlisler jaýynda şäher häkimliginiň guramagynda bu toplumyň binasynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa bilim we medeniýet ulgamlarynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary, şeýle hem Aşgabat şäher häkimliginiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Däp bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Şol gün Aşgabat şäher häkimliginiň pensiýa gaznasyny, zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölümini, Baş bilim, Medeniýet müdirliklerini öz içine alýan toplumynyň binasynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzy ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär. Döwrebap bina ähli amatlyklary bilen üpjün edilip, ajaýyp yşyklandyryjylar, döwrüň talabyna laýyk gelýän kämil tehnologiýa enjamlary ornaşdyrylandyr. Munuň özi raýatlaryň halal zähmet çekmäge, bagtyýar döwre buýsanyp ýaşamaga bolan höwesini artdyrýar. Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler bular dogrusynda giňişleýin beýan etdiler. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözellikleri, milli bezeg aýratynlyklary barada aýdylanlar maslahatyň many-mazmunyny has-da artdyrdy.

Maýagözel GOŞAÝEWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar