Ruhy we milli gymmatlyklar

4 Sentýabr 2024
52

Hemmämize mälim bolşy ýaly, kitap bilimiň açarydyr we ruhy hazynadyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda hem bu barada şeýle diýilýär: «Kitap okaýanyň ruhy baý», «Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir». Kitap adamy terbiýeleýän, durmuşyň kynçylyklaryna taýýarlaýan, öwüt-nesihat berip, dogry ýoly görkezýän we adamda ynsanlygy oýarýan dostdur. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplar halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň söýgüli eserlerine öwrüldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan «www.neutrality.gov.tm» resmi saýtynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň elektron kitaphanasy açyldy. Bu elektron kitaphana Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň ýygyndysyna gyzyklanma bildirýän okyjylar üçin möhüm gollanma bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde beýan edilýän taryhy wakalar, ata-babalarymyzyň nesillere goýup giden baý mirasy, däp-dessurlary, adatlary, türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgesi, maddy we medeni gymmatlyklary biziň üçin nusga, görelde bolup durýar. «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», şeýle-de türkmeniň maddy we ruhy gymmatlyklaryny öz içine alýan nepis türkmen halylary, ahalteke bedewleri, alabaý itleri, dermanlyk ösümlikleriň görnüşleri, türkmeniň milli tagamlary baradaky eserleri munuň aýdyň mysalydyr. «Älem içre at gezer» atly romany türkmen halkyna edep-terbiýäniň, ahlak gymmatlygynyň, maşgala mukaddesliginiň mekdebi bolup durýar.

Aýgül HOJAMOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar