Asudadyr ömrümiz

4 Sentýabr 2024
42

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizi ähli ugurlar boýunça dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak babatynda döwlet Maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol sanda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny has-da ösdürmek, geljegimiz bolan ýaş nesliň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn, okuw-usulyýet binýadynyň pugtalandyrylmagy, okuw kitaplarynyň, usuly gollanmalaryň has-da kämilleşdirilmegi ýaş nesliň döwrebap bilim almagynyň, eziz Watanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeginiň mizemez kepilidir.

Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýol hereketine gatnaşýanlaryň ählisiniň howpsuzlygyny gazanmaga gönükdirilendir. Şu günler tutuş ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen bagly çäreler geçirilýär. Ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş we bilim edaralarynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek bilen bagly maslahatlar, dabaralar, wagyz-nesihat işleri geçirilýär.

Merdan ORAZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar