Gymmaty egsilmeýän hazyna

13 Awgust 2024
515

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ýiti zehini, giň dünýägaraýşy, öňdengörüjilikli pähim-parasady bilen ençeme eserleri, ajaýyp kitaplary döredip, okyjylar köpçüligine peşgeş berdi hem-de halkymyzyň ruhy dünýäsiniň, paýhas hazynasynyň has-da baýlaşmagyna uly goşant goşdy. Hormatly Arkadagymyzyň eserleri watanperwerligi, öz ýurduň tebigatyna, onuň baýlyklaryna aýawly çemeleşmegi, ösüşlerine buýsanmagy, topragynyň keramatyna, gadymy we şöhratly taryhyna hormat-sarpa goýmagy ündeýär. Olaryň arasynda adamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant bolan milli gymmatlyklarymyza, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimize, onuň bedew batly ösüşlerine, bagtyýar şu günümize, sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanan eserler-de bar. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby bolsa lukman Arkadagymyzyň köptaraply döredijiliginde aýratyn orun eýeleýär.

Bu kitap öz saglygy barada aladalanýan her bir adam üçin peýdaly maglumatlaryň hazynasydyr. Onuň jiltlerinde kerem-keramatly türkmen topragynyň dürli künjeklerinde bitýän dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik häsiýetli aýratynlyklary, ýaýraýşy, olardan melhem taýýarlanylyşy, ulanylyşy we saklanylyşy bilen bagly baý maglumatlar anyk hem giňişleýin beýan edilýär. Bu kitabyň häzirki wagta çenli 15 jildi çap edilip, halkymyza ýetirildi. Lukman Arkadagymyzyň düýpli ylmy işi bolan bu eserine daşary ýurtlarda hem gyzyklanma yzygiderli artýar. Sebäbi ol dünýä lukmançylyk ylmynyň, fitoterapiýanyň ösüşine uly goşant bolan eserdir. Kitabyň aýry-aýry jiltleriniň daşary ýurt dilleriniň birnäçesine terjime edilmegi onuň ähmiýetiniň barha artýandygyny görkezýär. Gymmaty egsilmejek bu kitap ýakynda pars diline-de terjime edilip başlandy.

Akmämmet GARAJAÝEW,
Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň lukmany.