Içseň gana-gana...

13 Awgust 2024
472

Tomsuň yssy günlerinde özüňizi şähdaçyk, ruhubelent, sagdyn duýmak isleseňiz, arassa agyz suwuny talabalaýyk içmegi unutmaň! Lukmanlaryň bellemegine görä, suw adam bedeninde bolup geçýän ähli fiziologik hadysalara — dem alyş, gan aýlanyş, iýmit siňdiriş, bölüp çykaryş we beýleki hadysalaryň kadaly amala aşyrylmagyna doly gatnaşýar. Adam suwy yzygiderli içmese, tapdan düşüp başlaýar, ýagny bedende suw ýetmezçiligi ýüze çykyp, öýjüklerde we damarlarda galyndylar ýygnanýar, ol ganyň goýalmagyna getirýär. Netijede, beden agzalarynyň işi bozulyp, dürli keselleriň ýüze çykmak howpy ýokarlanýar. Bedende şeýle näsazlyklar ýüze çykmaz ýaly, suw içmegiň hem öz düzgünleri bar. Arassa agyz suwy bedeniň talabyna laýyk kabul edilende, immun işjeňligi ýokarlanyp, howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar. Tomusda howanyň yssylygy sebäpli, adam bedeni suwy köp ýitirýär, suwa talaby ýokarlanýar. Suw ýeterlik içilende, bedeniň çyglylyk derejesi saklanýar. Lukmanlar suwy nahar iýmezden ýarym sagat öň içmegi maslahat berýärler. Tomusda günüň dowamynda 1,5 — 3 litre golaý arassa suw içmeli.

Lukmanlaryň bellemegine görä, irden turup, ajöze bir bulgur arassa suw içmek iýmit siňdiriş agzalarynyň işjeňligini ýokarlandyrýar. Käbir adam limonly suw içmegi halaýar. Bu adam bedeni üçin örän peýdalydyr. Limonly suw bedendäki aşgar deňagramlylygyny saklamaga we gerek bolmadyk ýaglardan, suwuklyklardan saplanmaga kömek edýär. Limonly suwuň güýç beriji häsiýeti kofeniňkiden pes däl, ol adamy dok saklaýar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.