Türkmen keçesi

7 Awgust 2024
703

Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Türkmen halkynyň medeni mirasynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň arasynda keçäniň tutýan orny has uludyr. Ylmy tassyklamalara görä, halkymyzyň senetçilik dünýäsinde keçe basmak sungaty örän irki döwürlerde ýüze çykypdyr hem-de gündelik durmuşda giňden ulanylypdyr» diýip, keçe sungatynyň gözbaşynyň has çuňluklara uzaýandygyny, türkmen maşgalasynda uly orun tutandygyny aýratyn belleýär.

Munuň şeýledigine gazuw-barlag işleri geçirilende tapylan gadymy keçe bölekleri, gadymy Merwde tapylan heýkeljiklerdäki we teňňelerdäki keçe başgaplaryň şekilleri, gadymy çeşmelerdäki maglumatlar doly şaýatlyk edýär.

Akjagül NURGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty.