Akyldar şahyryň edebi mirasy

18 Iýul 2024
259

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Gündogaryň beýik akyldary, XVIII asyrda ýaşap geçen söz ussady Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň garaşsyz, özbaşdak döwletli bolmagyny arzuwlan şahyrdyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän döwlet berkararlygy, Watana bolan söýgi, päk ahlaklylyk, mertlik, gahrymançylyk, ata-enä hormat, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, salyhatlylyk ýaly duýgular ýüreklerimize täzeçe şugla saçýar. Bu gün akyldar şahyryň «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar // Göteriler ol ykbaly türkmeniň» ýa-da «Hor galmasyn puştdyr-puşdum // Berkarar döwlet istärin», «Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn // Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn» diýen arzuwlary hakykata öwrüldi.

Aşyrgeldi JUMAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, ýuridiki ylymlaryň kandidaty.