Gadymy senediň ussatlary bäsleşdiler

19 Iýul 2024
682

Türkmenabat şäherindäki «Goşa çyrag» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty tarapyndan ýurdumyzyň eli çeper zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň bu tapgyryna welaýatymyzyň dürli ýerlerinden eli çeper zenanlar gatnaşyp, türkmen milli keçesini taýýarlamakda, gadymy nagyşlary keçä salmakda ulanylýan usullar, gamyş dokamak, ýüňi saýmak, boýamak, daramak, keçelere salynýan nagyşlar we olaryň taryhy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Olaryň keçe bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary rowaýatlaryň, gazallaryň üsti bilen ýetirmekleri çärä gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Ýaşlarda zenan edebini, tebigy gözelligi, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde, milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmakda we olara miras galdyrmakda bu gadymy senediň uly ähmiýeti bardyr.

Eminleriň biragyzdan gelen netijesine görä, Saýat etrabyndaky 4-nji çagalar bakja-bagynyň işgärleri Öwezgül Agajanowa bilen Şirin Akyýewa birinji, Halaç etrabynyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň işgärleri Mähri Ahmedowa bilen Güljahan Mustakowa ikinji, Kerki etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Läle Almazowa hem-de etrap medeniýet öýüniň işgäri Jeren Orazgeldiýewa üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Birinji orny eýelän zenanlar bu bäsleşigiň döwlet tapgyrynda welaýatymyza wekilçilik ederler.

Aýnur SAZAKOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.