Tebigaty goramaga çagyrýan neşir

11 Iýul 2024
877

Gadyrly çagalar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän işler ertekini ýadyňa salýar. Sebäbi her bir baýramçylyga, şanly senä bagyşlanyp, zähmet üstünlikleri, belent ösüşler gazanylýar. 5-nji iýunda ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giň gerimde bellenilip geçildi. Şol güne gabatlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çap edildi.

Mähriban çagalar, siz orta mekdepde «Tebigaty öwreniş», «Biologiýa» ýaly derslerde Gyzyl kitap hakynda kän eşidensiňiz, okansyňyz. Gyzyl kitap Türkmenistanyň özboluşly tebigatyny, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga, baýlaşdyrmaga gönükdirilen neşirdir. Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Gyzyl kitaby 1985-nji, 1999-njy we 2011-nji ýyllarda neşir edildi. Bu ýyl bolsa olaryň üsti ýetirildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri elimize gelip gowuşdy.

Şöhratgözel AMANSÄHEDOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlyklarynyň Mary şäher geňeşiniň başlygy.