Bagban mugallym

11 Iýul 2024
614

Allamyrat mugallym barada ýazmaga öňden hyýallanyp ýördüm. «Her zadyň öz wagty-sagady bar» diýleni-dä, bu işiň başyna indi, ikimizem pensiýa çykanymyzdan soň, bardym. Özem peýläp ýören gahrymanymyň ýazylmaga, taryp edilmäge mynasyp keşpleri, 40 ýylyň dowamynda toplan, ile ýaýradylmaga degişli mugallymçylyk tejribesi barada däl-de, ony hut häzirki günlerde meşhurlyga ýetiren bagbançylyk kesbi barada ýazmagy ýüregime düwdüm.

Zehinli adam, aýdylyşy ýaly, hemme babatda-da zehinli, başarnykly bolýar. Wekilbazar etrabynyň Mülkbüküri obasynda 1961-nji ýylda doglan Allamyrat Hommadow hünäri boýunça taryh mugallymy. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny tamamlap, indi biregne 41 ýyl bäri obasyndaky 12-nji orta mekdepde zähmet çekýär. Şu ýyllar oňa mugallym hökmünde şöhrat getirdi. Sapaklary guramakda, taryh otagyny göwnejaý abzallaşdyrmakda, okuwçylar bilen mekdepden we sapakdan daşary terbiýeçilik işlerini guramakda, zehinli okuwçylar bilen goşmaça taýýarlyk okuwlaryny alyp barmakda ol welaýat derejesinde tanalýan, tejribesi öwrenilýän mugallymlaryň birine öwrüldi. Onuň okuwçylarynyň ençemesi «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginiň welaýat we döwlet tapgyrlarynyň ýeňijileri boldular.

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
«Türkmenistan».