Daýhany harman tanadýar

3 Iýul 2024
861

Ýaşaýyş üçin iň zerur — howanyň, suwuň, ýagtylygyň bol we mugt berlişi ýaly, adamzadyň iň mukaddes saýýan zatlary hem oňa aňsat hem arzan berlipdir. Ýer üstüniň ilatyny eklemek üçin aňrybaş derejede we ägirt uly möçberde zerur bolan bugdaýyň ideg-talaby hem «çyrçykly çaga ýaly» diýilýän köp sanly, ýetişdirmesi kyn ekinleriňki bilen deňeşdireniňde, has ýeňil. Ynsan gerek we zerur zatlarynyň hemmesini ekýär, döredýär, gazanýar. Yhlasy, azaby ýerine düşende-de, «aldym, tapdym» diýmän, berenine şükür edýär. Pikirlenseň, şükür etmezçe-de däl. «Uly iliň soltany» bugdaý hem Biribaryň eçilen iň naýbaşy nygmatynyň biri.

Geçen altyn güýzde 170 müň gektar meýdana bugdaý tohumyny sepen Murgap jülgesiniň galladarlary hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bitginli hem bereketli hasylyny ýygnamak işini ýokary depginde dowam etdirýärler. Galla oragynda işlemek üçin kemsiz taýýarlanan 500-den gowrak ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň her biri netijeli ulanyldy. Her bir kombaýn bilen möwsümiň başyndan bäri ýygnalan hasylyň möçberi geçen ýylky möwsümiň ortaça görkezijisinden eýýäm geçdi. Kombaýnçylaryň arasynda bu görkezijini häzire çenli 800 müň tonna ýetirenleri hem bar. Bu üstünligiň esasynda, ilkinji nobatda, hasylyň göwnejaýlygy ýatyr, galyberse-de, işiň bökdençsiz guralmagyna mehanizatorlaryň hünär taýýarlyklary bilen deň hatarda, ýerlerde döredilen 120 çemesi göçme abatlaýyş-mehaniki topar hem oňat ýardam edýär.

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
«Türkmenistan».