Çopanlaryň her güni uly edermenlikdir

2 Iýul 2024
517

Maldarçylyk pudagynyň ösmegine mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň Baýramaly etrabyndaky «Üçajy» maldarçylyk hojalygynyň zähmetsöýer adamlary Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda dowarlara gowy garaşyk etmek bilen baglanyşykly aladalaryny has-da güýçlendirýärler. Özleriniň garamaklaryndaky bar bolan jemgyýetçilik mallaryny gyşdan ýitgisiz, orta semizlikde alyp çykmagy başaran maldarlar owlak-guzy almak möwsümini hem üstünlikli jemlediler. Öňki bar bolan goýunlarynyň üstüni 24 müň 270-den gowrak owlak-guzy bilen ýetirip, olaryň hemmesini ösdürime goýberdiler. Şeýlelikde, şu günki gün 57 müň 641 baş mala eýelik edýän üçajyly maldarlar tomus paslynyň özboluşly aýratynlyklaryny pugta nazara almak bilen, dowarlary göwnejaý bakmagyň hötdesinden gelýärler. «Çopanyň her güni uly edermenlik» diýleni hak. Tomus paslynyň dowam edýän şu günlerinde maljanly çopanlar dowarlary bakmaga amatly, bol suwly guýularyň bar ýerlerindäki öri meýdanlary netijeli peýdalanmak bilen, mallaryň orta semizligini gazanýarlar.

Elbetde, pasyllaryň hersiniň mal bakmak üçin özboluşly aýratynlyklara eýedigi hemmelere mälim hakykat. Şonuň üçin hem köpügören, tejribeli çopanlar häzirki – epgekli, gyzgyn howaly günlerde dowarlaryň gijelerine we yssy düşmänkä, gowy otlaýandyklaryny nazara almak bilen, ata-baba gelýän çopançylyk ýörelgelerinden netijeli peýdalanýarlar. Bol suwly «Çagyl», «Pioner», «Egri» diýen ýaly atlar bilen adygan guýularyň töwereginde mallaryny bakmak bilen, olara gowy garaşyk etmegi başarýan çopan toparlarynyň 56-synyň arasynda Täçmyrat Mämmedow, Nurmyrat Durdyýew, Begli Gurbanow, Myrat Annaorazow ýaly baş çopanlaryň ýolbaşçylyk edýän toparlarynyň nusga alarlyk derejede zähmet çekýändiklerini guwanç bilen bellemek bolar.

Toýly GARÝAGDYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň jogapkär işgäri.