Köňül baýlygy

2 Iýul 2024
611

Arkadag şäherinde uly dabaralara beslenip geçirilen Medeniýet hepdeligi milli medeniýetimizde, sungatymyzda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmakda, döredijilik işgärlerini täze üstünliklere ruhlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Munuň özi halkyň baý milli mirasyny, däp-dessurlaryny, gadymy gymmatlyklarymyzy düýpli öwrenmek, kämilleşdirmek we wagyz etmek babatda öňde goýlan wezipeler bilen-de aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda kitap okamagyň peýdasy, onuň ynsan durmuşyndaky ähmiýeti barada durup geçýär. Bu ajaýyp eserde dürli ugurlara degişli gymmatly maglumatlar bar. Şolaryň möhüm ähmiýetlileriniň biri hökmünde kär-hünär terbiýesi barada gürrüň berilýär: «Her bir ynsan üçin şahsy zähmetiniň jemgyýet tarapyndan ykrar edilmesinden ýokary sylag ýokdur. «Adam eli gyzyl gül» diýipdirler. Elbetde, agajyň miwesinden belli bolşy ýaly, ynsan hem özüniň zähmeti bilen meşhurlyga eýe bolmalydyr. Ýaşlarymyz öz zähmeti bilen Watanymyzyň gülläp ösmegine goşant goşýandyklaryna oňat düşünmelidirler». Ine, şeýle gymmatly pikirler biziň her birimiziň gündelik durmuşymyzda örän peýdalydyr. Şeýle eserler kitaba, okamaga bolan söýgini artdyrmakda hem bahasyz baýlykdyr.

Laçyn NURMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji.