Asylly ýörelgeler rowaçlanýar

23 Iýun 2024
855

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen medeniýeti we sungaty ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň kalbyna, milletiň mertebesine deňeýän türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny has-da ösdürmek boýunça alyp barýan beýik işleriniň uly üstünliklere beslenýändigini aýan edýän Medeniýet hepdeligi tutuş halkymyzyň arzyly baýramçylyklarynyň birine öwrüldi.

22-nji iýunda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Ol çärä gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlikde garşylandy.

Taýýarlan Altyngül GARAÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».