Döwürleri baglanyşdyrýan köpri

22 Iýun 2024
749

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmegi bu gadymy topragyň baý taryhyna uly sarpadan nyşandyr. Şeýle abraýly derejäni göterýän Änew şäheri bu gün dünýäniň nazaryny özüne gönükdirýär. Şu mynasybetli ýylyň dowamynda guraljak çärelere badalga beren dabaranyň geçirilen günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny halkymyza peşgeş bermegi bolsa bu topragyň şöhratly taryhyny beýan edýän ygtybarly maglumatlary has içgin öwrenmäge, bu ýerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan täsin tapyndylaryň ähmiýetine aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik döretdi.

Kitapda Änew medeniýetiniň mirasdüşeri bolan bu künjegi täze taryhy döwrüň ruhuna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan belent maksatly işler barada-da söhbet edilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Hurma NEPESOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.