Totuguş žako

18 Iýun 2024
923

Žako totuguşlaryň bir görnüşi bolmak bilen, guşlaryň arasynda iň akylly we ýaňra guş hasaplanýar. Afrikan totuguşy žako öý şertlerinde saklanan halatynda ortaça müňe golaý söz ýat tutmaga, zatlaryň reňklerini, ululygyny-kiçiligini saýgarmaga, öýde bar bolan tehniki enjamlaryň seslerini gaýtalamaga, aýdym-sazlardan täsirlenmäge ukyplydyr. Bu guşlara dogry ideg edilip, degişli türgenleşik geçirilende olar hatda gysga sözlem hem düzüp bilýärler.

Žako totuguşy eýesiniň ruhy ahwalatyna duýgudaşlyk bildirmegi başarýar. Eýesiniň begenjine begenip, alada düşende bolsa ony köşeşdirýän žako iň ýakyn dost bolmagyň hötdesinden hem gelýär. Bu totuguşlaryň öwrenen sözlerini ýerlikli, gerek ýerinde ulanyp bilmegi täsindir. Olar isleýän iýmitiniň adyny, ajygan wagtyny, ýadandygyny ýa-da dynç almak isleýändigini, halaýan we halamaýan zatlaryny beýan etmäge ukyplydyrlar. Öwredilen halatynda žako totuguşlary birnäçe dili özleşdirmegi-de başarýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Bägül ANNANEPESOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.