Medeniýet hepdeligine

12 Iýun 2024
756

Çuwal bagşy barada

Aýtmaklaryna görä, Çuwal bagşy halk arasynda meşhurlyk gazanan döwürlerinde ony idäp gelýänleriň yzy üzülmeýän eken. Onuň öýüne hepdeläp, hatda bir aýlap gelmeýän wagtlaram seýrek bolmandyr. Onuň aýdym-sazyna, dessan aýdyşyna halk mynasyp baha beripdir. Toýlarda bagşa pul tutmak, mal bermek däbe öwrülipdir. Şol ýagdaýlarda her adam öz mümkinçiligine görä, pul, goýun-geçi, bugdaý, don ýaly baýraklar eçilipdir. Käbir toýlarda bagşa gaty köp mukdarda pul, däne düşýän ekeni. Şeýle halatda bagşy toýda düşen zatlary öz obasynyň adamlaryna bagyşlaýan eken. Bir toýdan çykyp, beýleki bir toýa gitmeli bolanda, Çuwal bagşy toýda düşen zatlary, köplenç, şol obanyň, güzerany pes hojalyklaryna paýlap gaýdýan eken. Bir gezek Ýylanlynyň (häzirki Akdepe etraby) çeträkde ýerleşýän obalarynyň birinde bir barly adam uludan toý tutupdyr. Toýuň bagşysy hem Çuwal bagşy ekeni. Uludan tutulan toýa Daşoguzyň ähli künjeginden, Ahal, Mary illerinden hem myhmanlar gelipdir. Şonda Magtymguly Garly ilki tirme aýdymlary aýdypdyr. Soňra «Görogly» şadessanyndan dessan aýdypdyr. Gün batyberende başlanan aýdym-sazyň sesi daň atyp, jahan ýagtylyp başlaýança dowam edipdir. Şol toýda bagşa gaty köp baýrak eçilipdirler. Iň geň galdyrýan ýeri, şol obada ýaşaýan bir pukara hem özüniň agylynda bar bolan ýekeje geçisini bagşa baýrak hökmünde berip, bagşydan bir aýdymy gaýtadan aýdyp bermegini haýyş edipdir. Bu ýagdaýa ol ýigidi tanaýanlaryň ählisi haýran galypdyrlar. Çuwal bagşy ol adamyň göwnüni ýykmajak bolup, haýyşyny ýerine ýetiripdir, baýragynam kabul edipdir. Toý sowlansoň, çaý başynda öý eýesi hem-de toýa beýemçilik edip ýören obanyň kethudasy sypaýyçylyk bilen şol pukara adamyň hojalyk ýagdaýy barada Çuwal bagşa gürrüň beripdir. Şonda Çuwal bagşy:

Batyr ÖWEZOW,
Görogly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.