Milli medeniýetimize buýsanç

11 Iýun 2024
1012

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň buýsanjyny has-da belende göterýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň milli medeniýeti dünýä ýaýylýar. Milli medeniýetimiz ene dilimiz, nusgawy edebiýatymyz bilen berk baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyz: «Diliň we edebiýatyň hakyky eýesi halkdyr» diýip belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden gymmatlygy bolan dil we edebiýat medeniýetiň nusgasydyr, gözbaşydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgawy edebiýatymyza aýratyn üns berilýär. Paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy hem milli medeniýetimiziň ösdürilýändigini, dünýä ýaýylýandygyny aýdyň beýan edýär. Medeniýet milli ruhuň aýnasy hökmünde alymlaryň hem ünsüni çekip gelipdir. Ruhy gymmatlyklar bolsa dil we edebiýat bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli medeniýetimiziň ösüşine uly ähmiýet berilýär.

Ejegül ATABAÝEWA,
Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.