Ýüzýän muzeý

17 Ýanwar 2024
1422

Hytaýyň Siçuan welaýatynyň paýtagtynda «Çengdu» ylmy (fantastika) muzeýi açyldy. Muzeýiň iň möhüm aýratynlygy, ony synlanyňda, suwuň üstünde ýüzýän şekilindäki görnüşidir. «Çengdu» ylmy (fantastika) muzeýi ýedi burçly metal ýyldyz görnüşinde bina edilipdir. Muzeý «Worldcon» diýlip atlandyrylýan Bütindünýä ylmy fantastika kongresini geçirmek üçin 2023-nji ýylda meşhur «Zaha Hadid binagärlik» edarasynyň binagärleri tarapyndan döredildi. 59 000  inedördül metr meýdany tutýan muzeý taslamasynyň dolandyryjylary bu ululykdaky muzeýiň gurluşyna 5 ýyla çenli wagt gerek boljakdygyny aýdypdylar, emma onuň gurluşygy 12 aýda tamamlandy. Binagär Floresyň topary sanly modelleri we dürli dizaýn programma üpjünçiligini ulanyp, gurluşyk işini çaltlaşdyrdy. Muzeýiň üçeginde ýerleşdirilen Gün panelleri muzeýiň binasynda elektrik çeşmesi hökmünde ulanyldy. Emeli ýagtylyga bolan zerurlygy azaltmak üçin içerki dizaýnda uly we giň penjireler ýerleşdirildi.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Gyzylgül AMANLYÝEWA.