Tebigat — umumy öýümiz

7 Iýun 2023
1919

Diýarymyzda tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň gözel tebigatyny gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga, ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilikler açylýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli hem-de parasatly ekologiýa syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak babatda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýar.

Türkmenistan döwletimiz parahatçylyga we adamzat ösüşine degişli bolan ekologiýa meselelerini çözmäge özüniň mynasyp goşandyny goşmak bilen, bu ugurda abraýly halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegini dowam etdirýär. Şeýle tutumly işleriň çäklerinde ýer-suw baýlyklaryndan aýawly peýdalanmak, çölleşmäge garşy göreşmek ýaly asylly çäreleri mysal getirmek bolar. Ekologiýa bilen baglanyşykly bitirilýän beýik işleriň ählisi halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär. Şeýle asylly işleriň amala aşyrylmagynda irginsiz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Näzbibi Kubaýewa,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň baş hünärmeni.